Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmen talyplary Krasnoýarskda maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada gatnaşýar

Türkmen talyplary Krasnoýarskda maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada gatnaşýar

28 Sep 2026, 16:41 152

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýaşlaryň halkara giňişlikde bilim hem-de tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde türkmen talyplary nobatdaky abraýly halkara bäsleşige gatnaşýarlar.

Has takygy, 27-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry öz işine başlady. 2-nji oktýabra çenli dowam etjek bu bäsleşik indi iki ýyl bäri yzly-yzyna Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemledi.

Şu ýylky olimpiadanyň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bolup durýar. Jemleýji hepdäniň dowamynda panel maslahatlary, ussatlyk sapaklary we tanymal bilermenler bilen duşuşyklar ýaly 100-den gowrak çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşýarlar. Olar maliýe kiberhowpsuzlygy, maliýe gözegçiligi, bikanun gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek, halkara hukuk hem-de halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça öz bilimlerini synagdan geçirýärler.

Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösýän zamanynda maliýe serişdelerini, şahsy maglumatlary we sanly hyzmatlary kiberhowplardan goramak her bir döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu olimpiada gatnaşmak bolsa talyplarymyza dünýä tejribesini öwrenmäge, dürli ýurtlardan öz deň-duşlary bilen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredýär.

Olimpiada gatnaşýan talyplarymyz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini açmaklary babatda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi