Перейти к основному содержанию
Новости образования
BAŞ BAÝRAMYMYZA YLMY DÖREDIJILIK SOWGADY

BAŞ BAÝRAMYMYZA YLMY DÖREDIJILIK SOWGADY

26 сен 2026, 12:52 155

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň II goýberilişiniň 1-2-nji tomlary okyjylara gowuşdy. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

 Baş baýramymyza ylmy döredijilik sowgady bolan kitabyň mazmunynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, şol sanda oba hojalygy boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi.

 «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bilim we ylym ulgamlarynyň bitewülikde biri-biriniň üstüni ýetirmegi ugrunda, ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýan işler durmuşa geçirilýär.

 Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitetde «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur alnyp, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek işi giň gerimde alnyp barylýar.

 Bu ýygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alyp baran ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetiren ylmy işleri girizildi. 

 Kitap S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor Allaberdi Gapurowyň «Garaşsyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek — oba hojalyk syýasatynyň baş maksady» atly makalasy bilen başlanýar. Ýygyndynyň I tomundaky I bölümi «Himiýa, biologiýa, agronomçylyk we tokaý hojalygy ylymlary», II bölümi «Zootehniýa we weterinariýa ylymlary», III bölümi «Maglumat tehnologiýalary we ykdysady ylymlar», II tomundaky IV bölümi «Azyk önümleriniň we dokma senagatynyň tehnologiýalary ylymlary», V bölümi «Oba hojalygynda meliorasiýa we mehanizasiýa ylymlary», VI bölümi «Taryh, arheologiýa, filologiýa, pedagogika ylymlary» diýlip atlandyrylýar.

 Ylmy makalalaryň iňlis, rus dillerindäki gysga beýanlarynyň hem ýerleşdirilmegi, netijeleriň hem-de önümçilige teklipleriň bolmagy ýygyndynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň ylmy döredijilik işlerinde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris. 

 Halkyň göwni bolup gülleýän zamanamyzda bilime, ylma, oba hojalygyna aýratyn üns berip, ýokary hünär biliminiň ösüşlerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti