Перейти к основному содержанию
Новости образования
Halkda Hakyň ady bar

Halkda Hakyň ady bar

26 сен 2026, 12:50 169

Aýlar GYLYJOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby:

— Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Maňa bolsa bu ählihalk forumynda çykyş etmek bagty miýesser etdi. Çykyşymda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini, şeýle mümkinçilikleriň we şertleriň netijesinde, türkmen ýaşlarynyň halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýändiklerini hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklaryny aýratyn nygtadym. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu döwletli geňeşe gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin özümi örän bagtly hasap edýärin. Biz — ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

«Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat