Skip to main content
Education news
Halkda Hakyň ady bar

Halkda Hakyň ady bar

26 Sep 2026, 12:49 145

Umyt BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy:

— Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has-da aýdyň ýüze çykarýar. Biz — Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem bu umumymilli foruma gatnaşyp, taryhy wakalara şaýat bolduk. Hususan-da, mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamanyň esasy maksady ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekden, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, Watana wepaly, zähmetsöýer, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ugur alýar. Biz hem umumymilli forumda kabul edilen çözgütleriň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerimizi giňden ýaýbaňlandyrarys. Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

«Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat