Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
9300-den gowrak türkmenistanly Hytaýyň ÝOM-larynda bilim alýar

9300-den gowrak türkmenistanly Hytaýyň ÝOM-larynda bilim alýar

25 Sep 2026, 21:35 79

Bilim ulgamy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 24-nji sentýabrda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 77 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärede eden çykyşynda mälim etdi.

Ministriň sözlerine görä, iki ýurduň halklarynyň gadymy medeni baglanyşyklary bar. Häzirki wagtda özara gatnaşyklar bilim, medeniýet, ylym, saglygy goraýyş we sosial ulgamyň beýleki ugurlarynda üstünlikli ösdürilýär. Ol häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde 9300-den gowrak Türkmenistanyň raýatynyň bilim alýandygyny belledi.

Şeýle-de ministr R.Meredow Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň ýyl-ýyldan artýandygyna ünsi çekdi. Bu günki günde ýurduň 9 ýokary okuw mekdebinde 1000 töweregi talyp we 10 sany orta mekdepde 6000-den gowrak okuwçy hytaý dilini öwrenýär.

Mundan başga-da, ministr R.Meredow şu ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işe başlandygyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa Hytaýyň däp bolan lukmançylyk merkeziniň okuw otagynyň açylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Çeşmesi:Türkmenportal