Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňjileri

«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňjileri

25 Sep 2026, 18:08 128

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýurdumyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ençeme bäsleşikler we çäreler gurnalýar. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has­da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri gazanylýan taryhy üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr. Biz ýaşlar hem taryhy nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki sanly tehnologiýalaryň ösýän döwründe has-da kämil işleri döredip, halka peýdaly netijeleri görkezjekdigimize ynandyrýarys.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän günlerinde döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem­de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik geçirildi. Şeýle üstünlikli döredijilik ýoluna biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň hem ýaş işjeň mugallymy we zehinli talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Maksat Hudaýberdiýew ençeme ýyllardan bäri zähmet çekip özüniň döredijilik dünýäsinde beýik üstünlikler gazandy. Ýaş suratkeş mugallym häzirki Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny wasp edýän birnäçe ajaýyp eserleri döredip halkymyza ýetirdi. Şeýle çekilen zähmetiň netijesinde, iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri üçin Maksat Hudaýberdiýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly altyn zynjyrynyň eýesi bolmak miýesser etdi. Şunuň bilen bir hatarda  «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Zergärçilik sungaty» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Kömekgeldi Orazdurdyýew we «Binägärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Dawutmuhammet Maksatmuhammedow, «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Annageldi Şageldiýew dürli täze häzirki zaman binagärlik taslama işlerini ýerine ýetirip, öz hünärinde yzygiderli üstünlik gazanyp,  hormatly Prezidentimiziň  «Türkmeniň Altyn asyry» atly altyn zynjyryna mynasyp boldular. Mundan beýläk hem ýaş zehinli talyplara öz döredijilik ýolunda belent üstünliklere ýetmeklerini arzuw edýäris!

 

 

Oguljan DAÝYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti

hünäriniň 4-nji ýyl talyby