Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan öwrenilýär

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan öwrenilýär

25 Sep 2026, 15:39 105

Alym Arkadagymyzyň “Türkmneistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplarynda öz beýanyny tapan, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri häzirki zaman ylmy usullar arkaly öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan köp sanly ylmy işler alnyp barylýar. Uniwersitetiň Biotehnologiýa we genetika ylmy-önümçilik merkezinde dermanlyk ösümlikleriň ekstraktlary esasynda nanoemulsiýalar taýýarlanýar we olaryň fiziki-himiki häsiýetleri öwrenilýär, taýýarlanan nanoemulsiýalary senagatyň dürli pudaklarynda ulanmak boýunça teklipler taýýarlanýar. “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylan ylmy işiň netijesinde taýýarlanan ylmy makala ýaňy ýakynda dünýäniň abraýly ylmy žurnaly bolan Scopus indeksli “Applied Sciences” žurnalyndan MDPI (Multidisciplinary Digital Publishing Institute) tarapyndan çap edildi.

"Polygonatum sewerzowii ekstrakty bilen durnuklaşdyrylan durnukly «suw içinde ýag» görnüşli nanoemulsiýalar: Sintetik üst işjeň maddalara ösümlik gelip çykyşly alternatiwa" (“Stable oil-in-water nanoemulsions stabilized by Polygonatum sewerzowii extract: A plant-derived alternative to synthetic surfactants”) diýlip atlandyrylan täze ylmy makala ady agzalan žurnalyň 16-njy sanynda çap edildi. Ylmy işi ýerine ýetirmek üçin Ýaponiýanyň Skuba uniwersiteti hem-de Wengriýanyň Dermanlyk ösümliker we otlar ylmy-barlag instituty bilen yzygider hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Barlag işi iýmit, derman we kosmetika nanoemulsiýalarynda sintetik üst işjeň maddalara geljegi uly, ekologiýa taýdan arassa alternatiwany hödürlemek bilen, Polygonatum sewerzowii ösümliginiň tebigy ekstraktynyň durnukly bio-emulgatorlar hökmündäki mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu neşir uniwersitetde durnukly biotethnologiýalar, "ýaşyl" himiýa we innowasion derman önümçiligi ýaly ugurlara uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.