JICA MAKSATNAMASY BOÝUNÇA NETIJELI HYZMATDAŞLYK
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan guralýan «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» (JICA Development Studies Program “SDGs Global Leader”) atly magistratura okuw maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri Ýaponiýanyň Sukuba şäherine okuw saparyna ugradyldy.
Bu okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem-de degişli çakylyk hatlary esasynda amala aşyrylýar.
Maksatnamanyň çäginde uniwersitetimiziň Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Abdysetdarow Wepa Amannepesowiç hem-de Himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Nunnakow Mergen Orazguly ogly 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji marty aralygynda Sukuba uniwersitetinde wodorod energiýasy we durnukly ösüş ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini we magistrlyk okuwyny alyp bararlar. Uniwersitetimiziň ýaş alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy we ylmy gözlegleri geçirmegi, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar hem-de durnukly energiýa ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşar.