BEDEW BADY BILEN DÜNÝÄ ÝAŇLANAN TÜRKMEN BUÝSANJY
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Ýaşlyk” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy hem-de taryhda ilkinji gezek geçirilen Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi, etnografik sergi, ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyp, gazanan beýik ýeňşi mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk gepleşigini ýazgy etdi.
Baýramçylyk gepleşigine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň lkinji zenanlar guramasynyň başlygy şahyra zenan Gülşirin Hanowada gatnaşdy. Ol Watan waspyny şygyrlary bilen bezedi. Gepleşikde Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde türkmen bedewleriniň gazanan üstünligi olaryň dünýä giňişligindäki ornuny täze derejä çykarýan medeni diplomatik üstünligi dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Bu üstünlik bolsa Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da dabaralandyrdy.
Baýramçylyk gepleşiginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Gara altyn” çeper höwesjeňler topary ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olar aýdymlarynda Watan waspyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti