GARAŞSYZLYK KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ähli bilim edaralarynyň kitaphanalarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän maglumatlary kitap sergileriniň üsti bilen ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize, merdana halkymyza wepaly, bilimli, terbiýeli adamlar edip ýetişdirmekde möhüm ähmiýeti bolan kitaplary wagyz etmek boýunça degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ähli bilim edaralarynyň kitaphanalarynda milli senenamamyzdaky baýramçylyklary mynasyp garşylamak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny wagyz-nesihat etmek boýunça meýilnamalaýyn işler guramaçylykly amala aşyrylýar. Şeýle-de ýaşlary watançylyk, milli ýörelgelere ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan kitaplary wagyz etmek boýunça guralýan işleriň has täsirli we netijeli bolmagy üçin döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar hem bu çäreleriň hormatly myhmanlary bolup gatnaşýarlar.
Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň kitaphanasy Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphanasy bilen bilelikde "Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy" atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilen bu dabara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa hem gatnaşyp, ol okuwçy ýaşlaryň öňünde Watanymyzy wasp edýän şygyrlary bilen çykyş etdi.
Çärämiziň dowamynda mekdebimiziň ýaş zehinli okuwçylary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň göz guwanjy bolan behişti bedewlerini, türkmen tebigatynyň, milli gymmatlyklarynyň waspyny ýetirýän çuňňur many-mazmuna ýugrulan “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusyny labyzly okadylar, aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Owazasy ýedi yklyma ýaýran,
Beýik sungatyna giň dünýä haýran,
Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.
Beýik garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Altyn Amandurdyýewa,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp
öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.