Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary dowam edýär

Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary dowam edýär

18 Aug 2026, 18:47 1,425

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda öňde durýan wezipeleri amal etmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 17-sinden Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly dowam edilýär.

Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy:Türk­me­nista­ny 2022-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-ykdy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan» we «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry boýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­syn­dan» ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üstünlikli amal et­me­giň ýol­la­ry, Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Pre­zi­den­timiziň nus­ga­lyk ki­tap­la­ry­nyň mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­rynyň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni döwre­bap gu­ra­mak­da­ky or­ny, sag­dyn nesli kemala getirmekdäki ähmiýeti barada täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem, tejribe alyşmak döwründe bilim edaralarynda ýolbaşçylygyň, okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligiň ýola goýluşy, häzirki zaman mugallymçylyk, usulyýet täzeliklerini okuw işine ornaşdyrmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek hem-de ýaýratmak, dünýä bilim ulgamynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmak, hünär derejelerini artdyrmak, 2026-2027-nji okuw ýylynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylmaly işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Usuly-amaly okuwlarynyň dowamynda döredijilikli we ýokary netijeli işleýän bilim işgärleriniň iş tejribelerini, Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Pre­zi­den­timiziň ýiti zehinlerinden dörän eserleriniň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergileri döwrebap guraldy.

Gunça Temimowa,

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim,

terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň hünärmeni