Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanly talyp Germaniýadaky dil maksatnamasy üçin DAAD grantyna eýe boldy

Türkmenistanly talyp Germaniýadaky dil maksatnamasy üçin DAAD grantyna eýe boldy

13 Aug 2026, 10:11 1,690

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Mähri Guzyçyýewa Germaniýada nemes dilini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça geçirilýän bir aýlyk tomusky «Hochschulsommerkurse» maksatnamasyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) grantyna eýe boldy. Maksatnama dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplaryň nemes dilini bilşiniň derejesini gysga wagtyň içinde düýpli ýokarlandyrmaga, olary Germaniýanyň medeniýeti hem-de döwrebap bilim ulgamy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Çuňlaşdyrylan maksatnamanyň çäginde talyplar diňe bir grammatika hem-de leksika boýunça sapaklara däl, eýsem akademiki ýazuw, gepleşik tejribesi, aýdylyş hem-de diňläp düşünmek boýunça ýöriteleşdirilen sapaklara-da gatnaşýarlar. Sapaklar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Mundan başga-da, talyplar Germaniýanyň jemgyýetçilik durmuşy, syýasy gurluşy hem-de ykdysady üstünlikleri baradaky ýurt öwreniş mowzuklaryny giňişleýin öwrenýärler.

Sapaklardan başga-da, maksatnama gatnaşyjylar Germaniýanyň şäherlerine gezelenç edýärler, sebitiň taryhy ýerlerine, muzeýlerine hem-de medeni merkezlerine baryp görýärler, nemes halkynyň gündelik durmuşy bilen tanyşýarlar. Maksatnama dünýäniň takmynan 150 ýurdundan gelen talyplar gatnaşýarlar.

Talybyň aýtmagyna görä, bu maksatnama diňe bir dil tejribesi bolman, eýsem geljekki akademiki hem-de hünär ýoly üçin möhüm ädimdir.