Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada syýasy tegelek stol gepleşigi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada syýasy tegelek stol gepleşigi

25 Jul 2026, 17:27 2,332

2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen sepgitler hem-de ata Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagynda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen syýasy gepleşik ýazgy edildi.

Gepleşige Türkmenistanyň Mejlisiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nebit-gaz toplumynyň hünärmeni hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iň ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, döwlet derejesindäki binýatlayjy kararlaryň kabul edilýän mekanydygyny, ýangyç-energetika toplumynyň bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň «altyn sütüni» bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda, has takygy 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ähli halk bu şanly dabarany, ählumumy mejlisi ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine agzybirlikde işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän kararlar ýangyç-energetika pudagynyň diňe bir ykdysady binýadyny berkitmän, eýsem ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny, energetika durnuklylygyny hem-de milli eýeçiligi täze belentliklere göterýär. Pudaga dünýä derejesindäki innowasiýalaryň girizilmegi we milli bähbitlere esaslanýan energetika syýasaty geljekki nesiller üçin uly binýat döredýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti