Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistan we Gruziýa akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan we Gruziýa akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

12 Jun 2026, 14:00 1,397

10-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seýitmämmedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky uzak möhletleýin özara gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň häzirki meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşige gatnaşyjylar akademiki ykjamlylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny giňeltmegiň, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň we ýokary hünärli kadrlar taýýarlamak ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmagyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ylmy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildiryändiklerini tassykladylar we ylmy-bilim ulgamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Çeşmesi: Orient

Çeşme