Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
«Talyp joşguny-2026» atly döredijilik festiwaly geçirildi

«Talyp joşguny-2026» atly döredijilik festiwaly geçirildi

30 May 2026, 16:08 2,201

2026-njy ýylyň maý aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp joşguny-2026» atly döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi. Döredijilik festiwalynyň esasy maksady «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň belent ösüşlerini joşgunly wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda zehin başarnyklaryny açyp görkezmekden ybaratdyr. Festiwalyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde düzgünnama laýyklykda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň aňyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty