Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Rumyniýanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ilçisini kabul etdi

Rumyniýanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ilçisini kabul etdi

22 May 2026, 09:48 1,228

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew 20-nji maýda Rumyniýanyň daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer, şol sanda bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar tassyklandy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek we BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Diplomatlar üstaşyr ulag ulgamy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, parlamentara gepleşikleri ösdürmek we iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýaly ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer ugurda, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.