Türkmenistanda 5-nji iýunda «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara maslahat geçiriler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Ylmy forum 5-nji iýunda onlaýn görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde bolar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Institut maslahata gatnaşmaga ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerini, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny we ylmy işgärlerini çagyrýar.
Halkara maslahatyň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça bäş sany bölümçe öz işini alyp barar:
I. Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras;
II. Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary;
III. Filologiýanyň häzirki zaman meseleleri;
IV. Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş;
V. Takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler maý aýynyň 20-sine çenli özleri baradaky maglumatlary, çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny tdmugiylymbolum@gmail.com elektron salgysy arkaly guramaçylyk komitetine ibermelidirler.
Çäre baradaky has giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirildi, şeýle hem şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 (422) 3-45-53; +99365240454.