Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
ÝETGINJEKLER ÜÇIN EKOLOGIK ÇÄRE GEÇIRILDI

ÝETGINJEKLER ÜÇIN EKOLOGIK ÇÄRE GEÇIRILDI

12 May 2026, 14:27 943

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ekologik bilimini, ekologik terbiýesini, ahyrky netijede ekologik medeniýetini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýetginjek ýaşdaky mekdep okuwçylary üçin ekologik çäre geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygyň ugrunyň talyplary tarapyndan dürli oýunlar, goşgular, aýdymlar arkaly okuwçylara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary, olary gorap saklamagyň we dikeltmegiň ähmiýeti, suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň meseleleri, klimatyň üýtgemeginiň sebäpleri we onuň öňüni almagyň ýollary, galyndylary dolandyrmak barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de, okuwçylara dürli otag ösümliklerine we öý haýwanlaryna ideg etmek, plastik galyndylaryny hojalyk maksatlary üçin gaýtadan peýdalanmak boýunça amaly endikler öwredildi (master klas geçildi).

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde ekologiýa meseleleri boýunça geçirilýän dürli çärelere, bäsleşiklere yzygiderli işjeň gatnaşyp gelýärler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça işleri bahalandyrýan “UI Green Metric” sanawynda hem öňdäki orunlarda barýar.