Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýeňiş gününe bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýeňiş gününe bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

12 May 2026, 12:03 886

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanyna ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Merdana pederlerimiziň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir» diýen at bilen guralan bu çärä okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, aspirantlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşdylar. Bu barada maglumat ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda beýan edildi.

Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň uruş ýyllarynda görkezen gahrymançylygy we zähmet edermenligi barada giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndaky ynsanperwerlik ideýalary, Watan gahrymanlarynyň ebedi şöhraty hem-de pederleriň edermenlik mekdebiniň ýaş nesiller üçin ähmiýeti baradaky pikirler beýan edildi.

Şeýle-de maslahat birnäçe bölümler boýunça dowam edip, onda watansöýüjilik we parahatçylyk söýüjilik temalaryna üns berildi. Gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoly, Mälikguly Berdimuhamedowyň goşgularynda beýan edilýän Watan mukaddesligi hem-de Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Beýik Ýeňşiň taryhy ýolunyň «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplaryndaky beýany, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem-de ahalteke bedewleriniň Ýeňiş ýörişlerindäki orny hakynda gyzykly maglumatlar berildi. Maslahatyň çäklerinde talyplar tarapyndan taýýarlanan we Watanymyzyň parahatçylygyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň durnukly ösüşini we parahatçylygyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.