Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby döredijilik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Açylow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 4-nji maýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolan bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji talyba Hormat haty we ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.
Bu döredijilik çäresi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan 27 talyp ýigit gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertlerine görä, talyplar öz saýlap alan hünärleriniň ähmiýetini çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Şeýle-de olar aýdym-saz, goşgy we şorta sözler arkaly türkmen ýigidine mahsus bolan mertlik, edermenlik we ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri öz çykyşlarynda beýan etdiler.
Bu bäsleşik talyplaryň sungata we döredijilige bolan ukyplaryny ýüze çykarmakda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy. Eminler topary gatnaşyjylaryň sahna ussatlygyna we milli häsiýetleri açyp görkezişlerine baha berdiler.