Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

12 May 2026, 10:45 809

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew 11-nji maýda Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Nobuo Haruna bilen duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem talyplar we mugallymlar bilen akademiki alyş-çalyş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler daşary ýurt dillerini öwrenmek we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatnamalaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Taraplar bilelikdäki taslamalary we ylmy barlaglary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) tejribesini we mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini bellediler.

Söhbetdeşler ynsanperwer we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.