Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby halkara derejesinde üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby halkara derejesinde üstünlik gazandy

12 May 2026, 09:44 838

Russiýa Federasiýasynyň ITMO uniwersiteti tarapyndan 26 — 28-nji aprel aralygynda geçirilen Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň 12-nji matematika bäsleşiginde türkmen talyby uly üstünlik gazandy. Bu abraýly halkara intellektual bäsleşigine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar. Bu barada habar ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda berildi.

Halkara bäsleşiginiň netijelerine görä, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Bazar Annamow ýokary bilim derejesini görkezip, baýrakly 3-nji orny eýeledi. Bu gazanylan ýeňiş türkmen ýaşlarynyň takyk ylymlar ugrundaky ukyplarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti agrar pudak üçin innowasion tehnologiýalardan oňat başy çykýan, bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamakda esasy merkezleriň biri bolup hyzmat edýär. Ýokary okuw mekdebinde döredilen döwrebap şertler we okuw maksatnamalaryna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy talyplaryň halkara ylym äleminde täze sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Bilim ojagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Şeýle strategik çäreler ýaşlaryň ylmy gözleglerini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem uly goşant goşýar.