Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
TDU-nyň talyby ylmy-barlag bäsleşiginde 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy

TDU-nyň talyby ylmy-barlag bäsleşiginde 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy

11 May 2026, 22:48 1,017

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Guwançmyrat Arrykow «Ylmy meseleler we olaryň çözgüdi seljerme, modelleşdirme we amaly ulanyşy» atly halkara ylmy-barlag bäsleşigine gatnaşyp, 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.

TDU-nyň saýtynda habar berlişi ýaly, ol bäsleşikde «Halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň ýuridiki tebigaty» atly ylmy işi bilen çykyş etdi (ylmy ýolbaşçysy – konstitusiýa hukugy kafedrasynyň müdiri S.Goçumowa).

Halkara ylmy-barlag bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherindäki «Eterna» ylmy-neşirýat merkezi tarapyndan onlaýn görnüşinde guraldy.

Çeşmeşi: Turkmenportal