BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşik ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler birinji şertde saýlap alan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-sazlar, şowhunly tanslar we çeper okaýyşlar arkaly taryplap, hünärine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideoşekilleriň üsti bilen täsirli beýan etdiler. Bilime teşne ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny, öňdebaryjy ylym-bilim usullaryny nähili ürç edip öwrenýändiklerini görkezýän çykyşlar bäsleşigiň ikinji şertinde has-da giň gerime eýe boldy. Şunda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň döredijilik ruhuna laýyklykda, türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik we halallyk ýaly asylly häsiýetler goşgularyň, çuň many-mazmunly monologlaryň hem-de täsirli sahnalaryň üsti bilen çeper wasp edildi.
Jemleýji tapgyrda talyp ýigitler milli edep-ekramlylyk we şahandazlyk däplerine eýerip, özleriniň wäşilik ukyplaryny hem görkezdiler. Milli lybaslarda ýerine ýetirilen gyzykly degişmeler we şorta sözler dabaranyň şowhunyny has-da artdyryp, tomaşaçylara ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Şeýlelikde, bu çäre ýaşlaryň döwür bilen aýakdaş gadam urýandygyny, hünär başarnyklaryny birkemsiz ele alýandyklaryny, şol bir wagtyň özünde-de, milli gymmatlyklarymyza belent hormat-sarpa goýýandyklaryny görkezen hakyky zehin baýramçylygyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň çözgüdine laýyklykda, bäsleşikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mämmet Toýryýew üçünji orna bolsa mynasyp boldy.
Eminler bäsleşige gatnaşan beýleki zehinli talyp ýigitleri hem, çykyşlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Edermen ýigit», «Ylhamly ýigit», «Şahandaz ýigit», «Ugurtapyjy ýigit», «Türgen ýigit», «Owazly ýigit», «Ussat sazanda ýigit» diýen ugurlar boýunça sylagladylar.
Ýeňiji bolanlara we bäsleşige işjeň gatnaşan gerçek ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti