Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

05 May 2026, 18:31 1,180

2026-njy ýylyň maý aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyp gelin-gyzlaryň arasynda «Gyz edebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mary welaýat Zenanlar guramasynyň, Mary welaýat Kazyýetiňwekilleri, institutyň zenan mugallymlary we talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda ýaşlara pederlerimizden miras galan millilik, däp-dessurlarymyz, edep-terbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri, nika bozulmalaryň öňüni almak, maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi, ýaramaz endikleriň adama ýetirýän täsirleri we milli ahlak ýörelgelerini düşündirýän birnäçe temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty