Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
"Kämil Web" Hakaton bäsleşigi

"Kämil Web" Hakaton bäsleşigi

02 May 2026, 13:33 1,223

Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan “Kämil Web” atly hakaton bäsleşiginiň geçirilýändigini habar berýäris.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň maý aýynyň 20–21-i aralygynda onlaýn görnüşinde geçiriler. Bu çäre web tehnologiýalary ulgamynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hem-de innowasion taslamalary goldamaga gönükdirilendir.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar toparlaýyn ýa-da şahsy görnüşde öz web taslamalaryny hödürläp bilerler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler kesgitlenip, degişli derejede Diplomlar bilen sylaglanarlar.

Düzgünnamany ýüklemek.