Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Mirasa sarpa

Mirasa sarpa

24 Apr 2026, 14:22 613

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda muzeý gymmatlyklary we türkmen halkymyzyň milli mirasy hakynda muzeýiň işgärliri tarapyndan giňişleýin  beýan edildi. Muzeýdäki görkezilen taryhy gymmatlyklar talyp gyzlarda uly täsir galdyrdy. Milli mirasymyzy öwrenmäge we kämilleşdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il – ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň

ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Arzygül Annagulyýewa