Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanly mugallymlar Rumyniýanyň tehniki uniwersitetiniň tejribesini öwrenýärler

Türkmenistanly mugallymlar Rumyniýanyň tehniki uniwersitetiniň tejribesini öwrenýärler

23 Apr 2026, 15:05 797

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary Kluž-Napoka tehniki uniwersitetinde hünär kämilleşdiriş okuwyny geçýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Rumyniýanyň tehniki we inženerçilik bilimi ulgamyndaky öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň binasynda giň gerimli maksatnama guraldy: umumy leksiýalar, seminarlar, çekişmeler, şeýle hem amaly we tejribe sapaklary geçirilýär.

Türkmenistanly mugallymlar okatmagyň döwrebap usullary, okuw maksatnamalaryny işläp düzmekdäki innowasion çemeleşmeler hem-de maglumat ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýilleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem olar uniwersitetiň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalaryna baryp gördüler.

Mundan başga-da, geljekde talyplaryň we mugallymlaryň ylym-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze okuw çärelerini geçirmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak bellenildi.