Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Dabaraly çäre geçirildi

Dabaraly çäre geçirildi

21 Apr 2026, 18:55 1,113

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Toý baýramy şowhun eder saz eder, türkmeniň buýsanjy türkmen bedewi» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda birnäçe söhbetdeşlikler teleýazgy edildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.                

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty