Talyp-göreşçilerimizden täze ýeňişler
21 Apr 2026, 12:56
1,011
2026-njy ýylyň 12-14-nji apreli aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde sportuň Alyş göreşi hem-de Guşakly göreş görnüşi boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Bu abraýly ýaryşa ýurdumyzyň milli ýygyndysy hem gatnaşdy. Milli ýygyndymyzyň düzüminde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-türgenleri gatnaşyp, Faýzullaýewa Aýnura 70 kg agram derejesinde 1-nji orna hem-de Hojammaýew Begli +100 kg agram derejesinde çykyş edip 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti