Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Ders bäsleşigi geçirildi

Ders bäsleşigi geçirildi

15 Apr 2026, 16:23 169

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 15-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasynyň we ýaşlary hünäre ugrukdyryş işleriň çäklerinde hem-de Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylym-bilimli, giň dünýägaraýşly, ýiti zehinli, ukyp-başarjaňly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Fizika”, “Matematika” we “Informatika” dersleri boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde barlagnama arkaly geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika