Hytaýyň Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri Türkmen döwlet uniwersitetinde boldular
18 Apr 2026, 12:18
1,250
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşyga uniwersitetiň ýolbaşçylary hem-de göreldeli talyplary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça birnäçe meselelere ünsi çekdiler.