Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara olimpiadada iň köp medal gazandylar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara olimpiadada iň köp medal gazandylar

14 Apr 2026, 15:13 1,229

Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersinden geçirilen III halkara olimpiadada türkmenistanly ýaş matematikler medallaryň iň köpüsini gazanmagy başardylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 10-njy aprelde Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdepde badalga alan olim­piada 11 ýurtdan jemi 170 okuwçy we 28 wekil gatnaşdy. Okuwçylaryň 71-si A derejede, 99-sy bolsa B derejede bäsleşdiler. Türkmenistanly okuwçylar A derejede 2 altyn, 4 kümüş, 5 bürünç, B de­rejede 4 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç, jemi 29 medal gazandylar.

Türkmenistandan soňra iň köp medala Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Eýrandan, Belarusdan, Hytaýdan, Gazagystandan, Türkiýeden we Ermenistandan gelen okuwçylar mynasyp boldular.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary, olimpiadada bäsleşen okuwçylar hem-de daşary ýurt wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda olim­piadada üstünlikli çykyş eden mek­dep okuwçylaryna Hormat hatydyr medallar gowşuryldy.

Ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde, myhmanlar paýtagtymyzyň gözel künjeklerine syýahat etdi­ler, halkymyzyň medeniýeti, milli däp-dessurlary bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Bitaraplyk muzeýine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna guralan gezelençler has-da täsirli boldy.