Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Bagtyýarlyk etrap häkimliginde "Sport we sagdynlyk bagtyýarlygyň gözbaşy" atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Bagtyýarlyk etrap häkimliginde "Sport we sagdynlyk bagtyýarlygyň gözbaşy" atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

07 Apr 2026, 18:07 1,029

6-njy aprelde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçy-türgenleriň gatnaşmagynda "Sport we sagdynlyk bagtyýarlygyň gözbaşy" atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun…” diýmek bilen, jan saglygyň ähli zatdan ileridigini ündäpdir. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, döwletimiz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Sag­ly­gy ber­kit­mek­de spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. “Sag­ly­gym – baý­ly­gym” ýö­rel­ge­sin­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dür­li öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýur­du­myz­da ila­ty be­den­ter­bi­ýä we köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek, ag­zy­bir jem­gy­ýe­ti­mi­ze sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş ne­sli spor­ty söý­mek hem-de ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, sport­da us­sat­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ola­ry hö­wes­len­dir­mek, hal­ka­ra de­re­je­sin­de us­sat tür­gen­le­ri ýe­tiş­dir­mek, mil­li spor­tu­my­zy dün­ýä­de ýo­ka­ry de­re­jä gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len hem köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.

Bagtyýarlyk etrap häkimliginde geçirilen duşuşykda çykyş edenler ösüp gel­ýän ýaş ne­sli spor­ty söý­mek hem-de ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mekde döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Sülgün HOJAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta

sport mekdebiniň matematika mugallymy