Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara maslahat geçirildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara maslahat geçirildi

07 Apr 2026, 14:10 1,155

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan maslahatda sport diplomatiýasyny ilerletmegiň ugurlary, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, sport we bedenterbiýe arkaly saglygy dikeltmek boýunça ylmy garaýyşlar beýan edildi.

Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat Özbegistan, Türkiýe, Hytaý, Russiýa, Amerika, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Rumyniýa, Gazagystan, Belarus, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan ýaly döwletleriň sport we bedenterbiýe ulgamynda işleýän alymlaryny, professor-mugallymlaryny, tälimçilerini, hünärmenlerini bir ýere jemledi.