Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
«Olimp» orta sport mekdebinde "Milli oýunlar - sagdyn nesilleriň mirasy" atly bäsleşik guraldy

«Olimp» orta sport mekdebinde "Milli oýunlar - sagdyn nesilleriň mirasy" atly bäsleşik guraldy

06 Apr 2026, 16:21 768

Şu gün Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň terbiýeçileriniň guramagynda okuwçy-türgenleriň arasynda "Milli oýunlar - sagdyn nesilleriň mirasy" atly bäsleşik geçirildi.

Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ne­sil­le­ri­mi­ze miras ga­lan mil­li oýun­la­ryň uzak ta­ry­hy ýo­ly bolup, olar hä­zir­ki eşretli za­ma­na­my­za çen­li ýetip gel­di. Milli oýun­la­ryň her bi­ri­niň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Gel­jek­de köp­çü­lik bi­len gat­na­şyk et­me­giň iň go­wy ýö­rel­ge­le­ri­ni öw­red­ýän mil­li oýun­la­r türk­me­niň ne­sil ter­bi­ýe­sin­de uly bir mek­dep bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hal­ky­myz dür­li mil­li oýun­la­ryň oý­na­lyş düz­gün­le­ri­ni, ter­ti­bi­ni, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni hem ça­ga ter­bi­ýe­si­ne gö­nük­di­rip­dir, ter­bi­ýe bi­len bag­la­nyş­dy­ryp­dyr.

Ajaýyp döwrümizde ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sport çäreleri ähli ýerlerde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazanyldy.

Şu nukdaýnazardan «Olimp» orta sport mekdebinde geçirilen "Milli oýunlar - sagdyn nesilleriň mirasy" atly bäsleşik hem ýaş türgenler üçin örän peýdaly hem täsirli bolup oňa okuwçy-türgenler uly ruhybelentlikde işjeň gatnaşdylar.

Polat BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta

sport mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy