Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem talyp gyzlary milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrmak maksady bilen Haly muzeýe gitdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem talyp gyzlary milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrmak maksady bilen Haly muzeýe gitdiler

31 Mar 2026, 17:16 584

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimiz bolan, türkmen zenanlarymyzyň el hünäri bolan, döredýän sungaty bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Haly muzeýine gidildi. Halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy, nepis aýratynlyklaryny we milli gymmatlyklaryny ýaş nesillere ýetirmekden ybarat boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti