Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy HHR-de türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy HHR-de türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

30 Mar 2026, 16:06 977

Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Didar Amanmuhammedow “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň” çäklerinde Hytaýyň bu hyzmatdaş ýokary okuw mekdebinde “Rus dili + Türkmen dili” hünärinde bilim alýan talyplara “Türkmen dili” we “Türkmenistana umumy syn” dersler boýunça bilim bermek hem-de hünär tejribeligini kämilleşdirmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýar. Okuwlar 1-nji mart – 29-njy iýul aralygynda dowam eder.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti