Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

27 Mar 2026, 14:56 663

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ruhlanýan ýaş nesli bilim ulgamynda kämil hünärmen edip ýetişdirmek ýurdumyzyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Milli bilimi ulgamyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen, ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn uly mümkinçilikleri döredýärler.  

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Yşyklandyryş tehnikasy» okuw kitaby (awtory: J.Rejepow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw kitabynda yşygyň esasy elementleri, kinoda, teleýaýlymlarda, sirk we teatr sahnalarynda, amfiteatrlarda, meýdançalarda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde ulanylýan yşyklandyryjy abzallaryň, çyralaryň görnüşleri we gur­luşlary barada giňişleýin beýan edilýär. Yşyk çyralarynyň käbir aýratynlyklary, yşyklandyryş abzallary ulanylanda olary dolandyryjy enjamlaryň gurluşy we görnüşleri hem-de kömekçi enjamlaryň ulanylýan ýerleri barada durlup geçilýär.

Okuw kitabynyň esasy maksady kinooperatorlary, teleoperatorlary we yşyk bilen bezeýjileri yşyklandyryş tehnikalary hem-de olaryň ulanylýan ýerleri bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi