Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Güýzki ählihalk bag ekiş çäresiniň çäklerinde bag nahallary oturtmak, baglara ideg etmek we ekologiki abadançylyk işleri geçirildi

Güýzki ählihalk bag ekiş çäresiniň çäklerinde bag nahallary oturtmak, baglara ideg etmek we ekologiki abadançylyk işleri geçirildi

24 Feb 2026, 21:01 730

2025-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda güýzki ählihalk bag ekiş çäresiniň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň degişli ýerlerinde bag nahallary oturdylyp, giňişleýin baglara ideg etmek we ekologiki abadançylyk işleri ýokary ruhubelentlikde geçirildi.