Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
Türkmen keşdeçilik sungaty – naýbaşy mirasymyz

Türkmen keşdeçilik sungaty – naýbaşy mirasymyz

21 Feb 2026, 21:44 1,715

    «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmen keşdeçilik sungaty – naýbaşy mirasymyz» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, ony dünýä ýaýmak, ýaşlarda keşdeçilik sungatyna bolan söýgüsini gazanmak ugrunda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin beýan edildi.

     Ene-mamalarymyzyň milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan keşde çekmek ýaly el işi irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelendigi we häzirki zaman dizaýn sungatynda döwrebap tehnologiýalaryň esasynda peýdalanmak arkaly milli lybaslaryň bezeginde ähmiýetli orny eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de talyp gyzlara keteni matanyň ýüzünde milli nagyşlaryň çyzylyşyny, geometrik sazlaşygyny, reňk aýratynlyklaryny, lybaslaryň biçüwindäki we tikilişindäki milli däpleri içgin öwredilýändigi bellenildi. Talyp gyzlaryň ýerine ýetirmegindäki nagyşlaryň köpdürliligi we biri-birini gaýtalamaýanlygy bilen tapawutlanýan dizaýn taslamalary häzirki zaman milli lybaslarda öz beýanyny tapmagy aýratyn bellärliklidir.  

     Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan zehinli talyplaryň el hünärlerini wasp edýän nakgaşlyk eserleri we amaly-haşam sungatyna degişli ajaýyp sungat eserleri görkezildi. Bu geçirilen çäre talyp gyzlarda döredijilik zehinini açyp görkezmekde, zähmetsöýerligi, ukyp-başarjaňlygy, sabyrlylygy terbiýeleýän türkmen keşdeçilik sungatyna, milli mirasymyza sarpa goýmakda, el hünärlerini geljekki nesillere öwretmekde ähmiýeti uludyr.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy,

ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.