Esasy mazmuna geç
Çaryýew Akmyrat

Çaryýew Akmyrat

Doglan güni: 19.04.1947

Iş tejribesi: 02.1993 – häzirki wagt

Maglumatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Bagşy-sazandalara ýagny halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde uly işler alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Sungatda uly işler bitiren halypalara sylag serpaýlar gowşurylýar bu bolsa bagşy-sazandalary diýseň begendirýär we buýsandyrýar. Türkmen aýdym-saz sungatynda ýene bir ussat halypalaryň biri, mukamçy kompozitor Türkmenistanyň halk bagşysy, Magtymguly halkara baýragynyň eýesi, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat Çaryýewdir. Akmyrat Çaryýew 1947-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Döwgala obasynda dünýä inýär we oba mekdebine orta bilimini alyp Aşgabada gelýär. Halypa okuwa girmezinden öň aýdym hem aýdar eken. 1961-1965-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet sazçylyk mekdebinde Allaberdi Allaberdiýewden dutardan bilim alýar. 1963-nji ýylda radioda ilkinji ýazgysy gitýär we “Biçäre”, “Senem geldi”, “Söýli halan”, “Gökdepe mukamy” ýaly sazlary ýerine ýetirýär. 1966-ýylda Türkmen filarmoniýasyna ýagny Annageldi Jülgäýewiň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestrinde işe başlaýar. Şol ýylyň ortalarynda Akmyrat Çaryýew Sazandalaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolýar we Çary Täçmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ansambla işe girmäge hukuk gazanýar we işe başlaýar. Ata Ablyýew, Tugur Berdinyýazow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Oraz Saryýew ýaly halypalaryň arasynda gözýetimi giňelip sungatynyň ösmegine giň ýol açylýar. Soňra bolsa 1979-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetini 1984-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. 1966-1977-nji ýyllary aralygynda Sahy Jepbarowyň ýanynda hem şägirt bolup toýlarda bolsa sazandarlyk edip 1970-nji ýylda halypasy Çary Täçmämmedowdan ak pata alyp sungatyň öwrümli ýollaryna başlaýar. “Gökdepe mukamy”, “Aýralyk mukamy”, “Biçäre”, “Hatyja”, “Saltyklar”, “Ýandym”, “Hajygolak”ýaly ýene ençeme meşhur sazlary ýerine ýetirýär. Halypasyndan pata alan Akmyrat Çaryýew döredijilik ýoluna başlaýar. Onuň ilkinji döreden aýdymlary şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine “Gyzlar”, “Dutarym”, “Çynarym”, “Seýle gelseň bu daglara”, “Bedewler”, “Daglara bar” ýaly ajaýyp aýdymlary döredýär. Başgada tebigatymyzy wasp edýän söýgi temasynda aýdymlary “Durnalar”, “Dag jerenleri ”, “Jerenler”, “Gyz ýüreginiň aýdymy”, “Türkmenistan watanym”. Halk köpçüliginde bu aýdymlar halk aýdymlary ýaly halkyň ýüreginde uly orun tutdy. “Ylham”, “Mähirli”, “Sähram”, “Bagtyýar watan” ýaly sazlary döredýär.Halypa 70-den gowrak aýdymlary döredýär Halypalaryň sarpaly sungat ýoluny dowam edip Akmyrat Çaryýew hem bir näçe şägirtleri ýetişdirýär. Olardan Türkmenistanyň Halk bagşylary Şemşat Hojaýewa, Durdymyrat Gazakow, Gurbangylyç Şypaýew , Orazgeldi Seýitgeldiýew ýaly ýene-de bir näçe şägirtleri ýetişdirýär Akmyrat Çaryýew 1966-1990 ýyllar aralygynda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň ansamblynda işleýär. 1990 –njy ýyldan häzirki wagta çenli bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda uly mugallymy bolup zähmet çekýär