Esasy mazmuna geç
Garýagdyýew Atageldi

Garýagdyýew Atageldi

Doglan güni: 23.03.1952

Iş tejribesi: 08.1993 – häzirki wagt

Maglumatlar

Aýdym-saz sungatynyň öçmejek altyn baritony, ençeme baýraklaryň eýesi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýew şu günki güne çenli mahmal owazy bilen döwlet konsertlerinde, festiwallarda, dünýä ýurtlarynyň ähli künjeklerinde çykyş edip halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Ol 1952-nji ýylda Mary welaýatynyň Egrigüzer obasynda dünýä inýär. Atageldi Garýagdyýew orta mekdebini tamamlap, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol ýerde ýaş Atageldiniň zehininiň ösmegine kömek eden, wokal älemine giň ýol açan adam Halyk Garajaýew boldy. Nury Meredow bolsa, onuň mugallymy bolupdy. 1972-nji ýylda sazçylyk mekdebini tamamlap, Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyna okuwa girýär. Ol ýerde Oksana Semýonowna Sweşnikowanyň elinde birnäçe ýyllap sapak aldy. Mugallymy Atageldä opera sungatynyň gapysyna täze bir ýol açyp berdi. Ol konserwatoriýada 1972-nji ýyldan başlap, ýedi ýyl okap, saz bilimini has hem ýokarlandyrdy. A. Garýagdyýewiň konserwatoriýada diplom işi P.I.Çaýkowskiniň «Iolanta» operasydy. «Iolanta» diplom işini üstünlikli tabşyrmagy bilen 1980-nji ýylda konserwatoriýany tamamlap, Atageldi Garýagdyýew ýekelikde aýdym aýtmak hünärine eýe bolýar. Atageldi Garýagdyýew okuwyny tamamlap Aşgabada dolanyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda işe başlady. Teatrda kompozitor Daňatar Öwezowyň döreden “Leýli-Mejnun” operasynda Mejnunyň atasynyň keşbinde, “Şasenem-Garyp” operasynda Ezberhojanyň keşbinde, Weli Muhadowyň “Zöhre-Tahyr” operasynda Nepesiň keşbinde, Rejep Rejebowyň “Görogly” operasynda Göroglynyň keşbinde çykyş edip başlaýar. 1983-nji ýylda Atageldi Garýagdyýewi gaýtadan Moskwanyň “Uly teatryna” hünär kämilleşdiriş okuwyna çagyrýarlar. Ol ýerde onuň halypasy meşhur liriki bariton Pawel Lesisynyň kömegi bilen belli operalardan partiýalary taýýarlaýarlar. Olardan Joakkino Rossininiň “Sewil dellegi” operasyndan esasy partiýa bolan Figaronyň ariýalary, Juzeppe Werdiniň “Trawiata” operasyndan Žermonyň ariýalary degişlidir. Soňra bu keşpleri A. Garýagdyýew Aşgabadyň opera we balet teatrynda ýerine ýetiripdir. Teatrda iki ýyl işlän döwründe A. Garýagdyýew sahnada Žorž Bizeniň “Karmen” operasyndan toreador Eskamiliýonyň, Juzeppe Werdiniň “Rigoletto” operasyndan Rigolletonyň, A. Rubinşteýniň “Jyn” operasyndan gozgalaňçy jynyň, P. I. Çaýkowskiýniň “Ýewgeniý Onegin” operasyndan Oneginiň keşplerini ýerine ýetiripdir. Teatrda iki ýyl dowam eden tejribe döwründe ökde mugallymlar bilen işleşip, sesini türgenleşdirip, hünär ussatlygyny has-da artdyrdy. Atageldi Garýagdyýew 1988-nji ýylda Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynda solist-wokalçy wezipesinde ençeme ýyl işleýär. Ol diňe bir operada çykyş etmän, eýsem, kino dünýäsinde hem özüniň ussatlygyny gazanan adamdyr. A. Garýagdyýew türkmen opera sungatynda, kino sungatynda bitiren işleri bu ugurda özüniň aýratyn ýolunyň bardygyna şaýatlyk edýär. Orazmyrat Gummadowyň “Kemine” kinofilminde Keminäniň keşbini, “Mollanepes” kinofilminde Abdylla Işanyň keşbini janlandyrýar. Atageldi Garýagdyýew ýurdumyzy, gözel şäherimizi wasp edýän aýdymlary bilen dürli konsertlerde, festiwallarda, dünýä ýurtlarynyň ähli künjeklerinde çykyş edip gelýär. Aýdymlarynyň arasynda “Arkadag”, “Aşyklaryň şäheri”, “Aşgabat hakynda aýdym” ýaly ençeme aýdymlary mysal getirmek bolar. Atageldi Garýagdyýew irginsiz çeken zähmeti üçin Gahryman Arkadagymyzyň baýraklaryna, şa serpaýlaryna, hormatly atlara mynasyp boldy. Ýurdumyzda opera we konsert aýdymçysy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Atageldi Garýagdyýew dürli ýyllarda iş hem döredijilik saparlary bilen Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinde (2010ý., ; 2011ý., 2014ý., 2016ý., 2017ý.,), Awstriýa Respublikasynda (2012ý.), Türkiýe Respublikasynda (2013ý., 2014ý., 2016ý.), Italiýa Respublikasynda (2015ý.), Gyrgyzystan Respublikasynda (2015ý.), Gazagystan Respublikasynda (2014ý.), Germaniýa Federatiw Respublikasynda (2010ý., 2015ý.), Belgiýa Patyşalygynda (2014ý.), Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda (2016ý.), Eýran Yslam Respublikasynda (2016ý.), Hytaý Halk Respublikasynda (2016ý.) bolup, milli we dünýäniň nusgawy aýdym-saz eserlerini ýerine ýetirmek arkaly köp sanly diňleýji-tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän toý dabaralarda Magtymguly Pyragynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Gurbannazar Ezizowyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyna ýazylan aýdymlary, romanslary ýerine ýetirmek bilen, öz diňleýjileriniň göwnüni awlamagyny dowam etdirýär we täze döredilen aýdymlar bilen olaryň üstüni ýetirýär. Atageldi Garýagdyýew Türkiýede türki dilli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen festiwallaryň birinde “Ýylyň iň gowy sesi” diýen ada mynasyp boldy. Ol türkmen kompozitorlaryndan Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň, Daňatar Hydyrowyň, Suhan Tüýliýewiň, Baýramdurdy Hudaýnazarowyň başga-da birnäçe türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny aý...