Annamyradow Meretmuhammet Ataýewiç
Doglan güni: 30.12.1962
Iş tejribesi: 06.1990 – häzirki wagt
Maglumatlar
Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy Meret Annamyradow täze nesliň zehinli türkmen kompozitory. M. Annamyradow 1962-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol 1970–78-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 26-njy orta mekdebinde orta bilim alýar. 1978-nji ýylda M. Annamyradow orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlap, D. Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde ol horuň dirižýorlygy (mugallym A. N. Haliulinanyň synpynda) we kompozisiýa (A. Kulyýewiň, Ç.Nurymowyň synplarynda) hünärleri boýunça tälim alyp başlaýar. Halypasy N. Halmämmedow özüniň döredijilik usullaryny, orkestr gurallaryny ulanmagyň gizlin syrlaryny M. Annamyradowa ezberlik bilen öwredipdir. 1985-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutyna kompozitorçylyk hünäri boýunça (R. Allaýarowyň synpynda) okuwa girýär. Kompozitor öz döredijiliginde halk sazyny we häzirki zaman kompozision usullaryny özleşdirýär. Milli sazyň labyz, perde, ritm ýaly baý çeşmeleriniň ýüze çykarylmagy, gurluş kanunalaýyklyklarynyň öwrenilmegi onuň özboluşly döredijilik çözgütlerini emele getirýär. M. Annamyradow dürli ýyllarda Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, saz nazaryýeti we kompozisiýa kafedrasynyň dekany we döredijilik işleri boýunça prorektory wezipelerinde işleýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa kafedrasynyň uly mugallymy we öz döredijilik ýoluny dowam etdirýär. Eserleri. Simfoniki eserler: “Garagumda” simfoniki şekilleri, dört bölümli (1988), Wiolonçel we orkestr üçin konsert (1990), “Ýaşlyk” 1-nji simfoniýa (f-moll, 2000), bir bölümli, “Ýedi menzil” simfoniki şekilleri (2002), “Beýik Galkynyş joşguny” simfoniki uwertýura (2008), “Bedew bady bilen öňe Watanym” simfoniki eser (2012), “Oguzlaryň oýunda” simfoniki eser (2014). Wokal-simfoniki eserler: “Watan hakynda kantata”, H. Kakalyýewiň goşgularyna, bir bölümli, solist, çagalar hory we simfoniki orkestr üçin (1991), “Täleý”, Magtymgulynyň we Mollanepesiň goşgularyna, dört bölümli, solist, okyjy, dutar, garyşyk hor we simfoniki orkestr üçin (1999). Akapella hor aýdymlar: “Nar agajy”, akapella hory üçin täzeden işlenen türkmen halk aýdymy (1992), “Türkmen folkloryndan parçalar” (1999), “Toý aýdymy”, H.Kakalyýewiň goşgusyna (2006), “Biziň illere” Garajaoglanyň goşgusyna we basgalar. Kamera-instrumental eserler: Skripka we fortepiano üçin fantaziýa (1986), Skripka, alt we wiolonçel üçin trio (1987), “Bu jennetdir”, dutar, skripkaçylar ansambly we fortepiano üçin täzeden işlenen türkmen halk sazy (1995), “Magtymguly – köňül nagşy”, dutar, goboý, fortepiano we skripkaçylar ansambly üçin täzeden işlenen halk heňine fantaziýa (1998), “Elegiýa”, gyjak we fortepiano üçin (2001), “Toý gatanjy”, ksilofon, skripkaçylar ansambly we fortepiano üçin (2002), “Türkmen halk heňine fantaziýa”, fleýta we skripkaçylar ansambly üçin (2002), “Ablak saýat”, dutar, skripkaçylar ansambly we fortepiano üçin täzeden işlenen türkmen halk sazy (2003), “Garagum”, goboý we fortepiano üçin pýesa (2007) we başgalar. Fortepiano üçin: “Ýodajyk” (1982), “Tans” (1985), “Oýlanma” (1985), “Tema we wariýasiýalar” (1993), “Ýetginjeklik albomy” (1995), “Tokkata” – N. Halmämmedowa bagyşlanýar (1997), “Tokkata” – M. Täçmyradowa bagyşlanýar (1997). Halk saz gurallary orkestri üçin: Täzeden işlenen “Keçpelek” halk sazy –“Hatyra”. Kino üçin sazlar: “Keremli söz”, rež. S. Jallyýew (2002), “Haly rowaýaty”, rež. O. Orazow (2004), “Bugdaý sümmül bolanda”, rež. O. Orazow (2011), “Mollanepes”, rež. O. Orazow (2012), “Seýis”, rež. M. Orazow (2013), “Türkmen köli”, rež. M. Orazow (2013), “Magtymguly”, rež. M. Orazow (2014), “Watan mukaddesdir”, rež. M. Orazow (2016), “Kalbyň senasy”, rež. M. Orazow (2018) we başg. Aýdymlar we romanslar: G. Öwezowanyň goşgusyna “Mylly aga hakda ballada” (1985), “Ene ýüreginiň aýdymy” (1987), T. Ýaýlanowyň goşgusyna “Soraň” (1987), G. Öwezowanyň goşgusyna “Ene ýüreginiň aýdymy” (1987), Magtymgulynyň goşgusyna “Näbilsin” (1994), N. Rejebowyň goşgusyna “Daglar” (2002), H. Kakalyýewiň goşgularyna “Aşyklaryň aýdymy” (2002), “Toý aýdymy” (2006), “Söýgi mülki” (2007), “Barsam seniň ýanyňa” (2011), Mollanepesiň goşgularyna “Zary bilen” (2014), “Hiç görmedim illerde” (2016) we başgalar.