Saz-etnografiki laboratoriýasy
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz-etnografiki laboratoriýasy:Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen medeni mirasymyz,milli däp-dessurlarymyz, saz mirasymyz we beýleki maddy we ruhy gymmatlyklarymyz Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täzeden dikeldildi,kämilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda, nesilden-nesle geçirmekde ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Bu babatda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz-etnografiki laboratoriýasynda hem gymmatly milli aýdym-saz mirasymyzy gorap saklamak, özleşdirmek we ylmy taýdan öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar.
1974-nji ýyldan başlap Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň binýadynda Saz-etnografiki meseleleri ylmy-barlag laboratoriýasy işläp başlaýar. Onuň işgärleri bütin Türkmenistan boýunça etnografiki ekspedisiýalary amala aşyrypdyrlar. Bu ekspedisiýalara ylmy işgärlerden başga-da, sungat institutynyň Sazşynaslyk we Halk saz gurallary bölümleriniň talyplary hem gatnaşypdyrlar. Ekspedisiýalar, köplenç, talyplaryň dynç alyş wagtlarynda gurnalypdyr.
1993-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň esasyndaTürkmen milli konserwatoriýasy döredilýär, ylmy laboratoriýa bolsaSaz-etnografiki laboratoriýa diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda konserwtoriýanyň Saz-etnografiki laboratoriýasynyň fondy türkmen halk sazmirasynyň ýazgylarynyň ençemesini özünde jemleýär.
Welaýatlar boýunça toplanan aýdym-saz mirasynyň nusgalary 20 ýylyň dowamynda bobina kassetalaryna[1], lentalara ýazylypdyr. Şol ýyllar geçirilen ekspedisiýalaryň netijesinde 420-dengowrak kassetalar ýazgy edilip alynýar.
Saz-etnografiki laboratoriýanyň fondy Türkmenistanyň aýdym-saz mirasynyň, folklorynyň 1974-nji ýyldan 1999-njy ýyllar aralygyndaky ýagdaýyny beýan etmekbilen, ähmiýetli ylmy gymmata eýedir. Dürli ýyllaryň dowamynda toplanan bu gymmatly saz mirasymyzyň üsti häzirki döwürde hem dürli aýdym-saz ýazgylary, medeni mirasymyzyň beýleki görnüşleri bilen doldurylýar.
Laboratoriýanyň saz arhiwi instrumental saz nusgalarynyň (dutar, gyjak,gopuz, gargy we dilli tüýdük), bagşylaryň aýdymlarynyň, dessanlaryň, şeýle hemtürkmen saz folklorynyň dürli görnüşleriniň ýazgylaryny özünde jemleýär. Folklor nusgalary öz içine däp-dessur, zähmet, dini, liriki we köp sanly beýleki žanrdaky aýdymlary almak bilen, olar türkmen halkynyň saz mirasyny öwrenmekde gymmatly ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Hakykatda, konserwatoriýanyň aýdym-sazmirasynyň ýazgylar arhiwi sazşynaslyk ylmy-barlaglar üçin maksatlaýyn ýerineýetirilen ýeketäk ýazgylar toplumyny emele getirýär.
Saz-atnografiki ekspedisiýalar Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şeýle hem, onuň çäklerinden daşarda geçirilipdir. Garagalpagystan we Stawropol ülkelerinde geçirilen ekspedisiýalararkaly saz-etnografiki laboratoriýasynyň fondy garagalpak we stawropol türkmenleriniň folklorynyň ajaýyp nusgalary bilen baýlaşdyryldy. Gagauzlaryň folklorynyň gyzykly nusgalary Moldawiýanyň ylmy işgärleri tarapyndan toplanypdyr.
Türkemnistanyň çäkleri boýunça ekspedisiýalar birnäçe tapgyrlarda geçirilipdir.1983-1987-nji ýyllarda Ahal welaýatyna guralan ekspedisiýalar indiki etraplar boýunça amala aşyrylypdyr:
- 1983-nji ýylda(Gödepe/Ýaňgala);
- 1985-nji ýylda(Gökdepe/Ýeňiş);
- 1986-njy ýylda(Bäherden/Nohur obasy);
- 1987-nji ýylda(Tejen, Kaka/Duşak).
1974-1976-njy ýyllarda Balkan welaýatyna guralan ekspedisiýalar indiki etraplar boýunçaamala aşyrylypdyr:
- 1974-nji ýylda (Garrygala);
- 1976-njy ýylda (Esenguly,Gyzyl Etrek - Hazar);
- 1977 ýylda (Jebel,Gyzyl suw we Çeleken);
- 1983 ýylda(Balkanabat, Esenguly, Gasankuly);
- 1986 ýylda (Gerkez,Gökseňir, Garrygala).
1979-1984-nji ýyllarda Daşoguz welaýatyna guralan ekspedisiýalar indiki etraplar boýunçaamala aşyrylypdyr:
- 1979-njy ýylda(Ilýaly, Boldumsaz);
- 1983-nji ýylda(Görogly, Gubadag, Boldumsaz);
- 1984-nji ýylda(Akdepe, Gurbansoltan eje).
1978-1986-njyýyllarda Lebap welaýatyna guralan ekspedisiýalarindiki etraplar boýunça amala aşyrylypdyr:
- 1978-nji ýylda(Saýat);
- 1979-njy ýylda(Garabekewül, Halaç);
- 1983-nji ýylda(Gazojak, Dänew);
- 1986-njy ýylda(Kerki, Astana baba, Darganata).
1974-1990-njy ýyllarda Mary welaýatyna guralan ekspedisiýalar indiki etraplar boýunçaamala aşyrylypdyr:
- 1974-nji ýylda(Ýolöten);
- 1975-nji ýylda(Tagtabazar);
- 1988-nji ýylda(Sakarçäge, Baýramaly, Mary, Wekilbazar, Ýolöten);
- 1990-njy ýylda(Serhetabat).
Geçirilen ekspedisiýalaryň netijesinde alnan saz çeşmeleriniň derňewitürkmen saz folklorynyň birnäçe žanrlarynyň ösüş ýoluny aýdyň görkezýär. Ynha,mysal üçin, bu günki gün çärýek asyr mundan öň bar bolan “Süýt-Gazan” ýa-da“Zikr” ýaly žanrlaryň ýitip barýandygyny bellemek bolar. Häzirki wagtdafolkloryň bu žanrlary ýa doly ulanyşdan galyp barýar, ýa-da halkdöredijiliginiň başga görnüşlerine öwrülen. Şol bir wagtda hem, Balkan we Lebapwelaýatlarynyň mirasynda toý folklorynyň, şeýle hem köpsanly dini däp-dessuržanrlarynyň dürli görnüşleri giňden ulanylýar.
Şu günki günlere çenli konserwatoriýanyň laboratoriýasynda saklanylýan baýwe gymmatly maglumatlar toplumy kassetalaryň lenatalaryna zeper ýetme howpunyňbardygy we degişli apparaturalaryň könelendigi sebäpli doly görnüşde ulanmakmümkinçiligi bolmady. Magnit plýonkalarynyň saklanyş möhletiniň geçmegi weolary gorap saklamak üçin enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli saz arhiwindesaklanylýan ýazgylaryň hiliniň peselmegine, käbir ýerlerde bolsa, dolyzaýalanmagyna getiripdir. Şunuň bilen baglylykda saklanylýan arhiw ýazgylarynydegişli enjamlar arkaly häzirki zaman görnüşlere geçirmek, olary arassalamak wehilini ýokarlandyrmak bilen bagly işleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.
2012-nji ýylda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz-etnografikilaboratoriýasynda saklanylýan aýdym-saz mirasynyň ýazgylar toplumy ABŞ-nyň “Medenimirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň fondy” atly maksatnamanyň çäklerindeguralan bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şu taslama arkaly aýdym-sazekspedisiýalarynyň dowamynda toplanan arhiw maglumatlar täze, häzirki zamangörnüşe geçirildi. Taslamanyň esasy obýekti bolup konserwatoriýanyňsaz-etnografiki laboratoriýasyndaky audio ýazgylar hyzmat etdi. Taslamalaýyklykda 2012-nji ýyldan başlap, işiň aşakdaky görnüşleri amala aşyryldy:
- laboratoriýanyň arhiwinde bar bolan aýdym-saz ýazgylaryny ýörite enjamlar arkaly täzeden ýazmak;
- maglumaty sanlyformata geçirmek – ýazgylary arassalamak, akustiki gohlary we beýleki näsazlyklary düzetmek;
- degişli maglumatlary inwentarizasiýa etmek we toparlara bölmek;
- ýazgylaryň žanr we sebit aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, ykjam diskleri taýýarlamak;
- Türkmen milli konserwatoriýasynyň garamagynda internet saýtyny döretmek;
- taýýarlanylan audio ýazgylary Türkmenisatnyň degişli edaralaryna ýaýradylmagy.
Taslamada bellenilen işleri maksada laýyk ýerine ýetirmek üçin 6 hünärmen işeçekildi, olar:
taslamanyň ýolbaşçysy – ylmy we usulyýet esasyny öz içine alýan guramaçylyk meselelerine, redaktorlyk işlerine jogapkär;
tehnikler-ses inženerler – kompýuter programmalary üpjünçiligine, ýazgylary täze görnüşe geçirmek, olary arassalamak işlerine jogapkär;
sazşynas – kassetalar bilen işlenilişine gözegçilik etmek, işlenilen ýazgylaryň annotasiýalaryny düzmek bilen bagly işlere jogapkär;
şeýle-de internet saýtyny döretmek boýunça hünärmen.
Taslamanyň barşynda işler aşakdaky ýagdaýda alnyp baryldy:
- zerur bolan tehniki enjamlar bilen üpjünçilik;
- audio/wideo ýazgylary kassetalardan, plastinkalardan (CD/DVD) täze maglumat göterijilere geçirmek weolary sanly formata öwürmek (gohlardan we beýleki seslerden arassalamak);
- işlenilen ýazgylary žanrlar we sebitleýin mekdepler boýunça toparlara bölmek;
- internet saýtyny döretmekwe saýlanylan ýazgylary ýerleşdirmek;
- ykjam diskleri taýýarlamak we işlenilen ýazgylary ýazmak;
- taýýar bolan ýazgylar toplumyny Türkmenistanyň saz edaralaryna ýaýratmak.
Taslama Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz-etnografiki laboratoriýasynda(1984 köçe, jaý 22) ýerine ýetirildi. Geçirilen işleriň netijesinde taslamanyň esasy maksadyna ýetildi – ýagny, Saz-etnografiki laboratoriýada saklanylýan türkmen aýdym-saz mirasyna degişli bolan gymmatly ýazgylaryň zaýalanyp ýitipgitmeginiň öňi alyndy, häzirki zaman göterijilerine geçirilen ses ýazgylary ýaýratmak we ylmy tarapdan düýpli öwrenmek mümkinçiligi gazanyldy. Bu iş diňebir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem ylmy gyzyklanma döredýän medeni mirasyň baý nusgalaryny gorap saklamaga ýardam etdi.
Saz-etnografiki laboratoriýasynyň esasy maksady öz medeniýetimizi, sungatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak bilen bagly işleri alyp barmak, şeýle-de milli medeniýetimiz bilen umumy adamzat medeniýetine sazlaşykly ösdürmekden ybaratdyr. Ata-babalarymyzdan galan baý medeni mirasymyzyň geçmişini şu günlerde beýan etmekde döreden mümkinçilikleri üçin Mähriban Prezidentimize sag bolsun aýdýarys.
[1] Bobina (fransuz sözünden bobine – tegek ) – magnit lentasy ýa-da kinoplýonka oňasaralgy tegek.