Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli konsert geçirildi.


         Türkmenistan döwleti bilen Hytaý halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Iki ýurduň ähli ugurlar bilen birlikde medeni hyzmatdaşlygy hem yzygiderli gyşarnyksyz we maksada okgunly ösdürilýär. Ýakynda, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli geçirilen konserti hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri hem-de birnäçe aýdymçy-sazanda  mugallymlaryň we talyplaryň birnäçesi gatnaşdylar. Dabaraly çäreler 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 4-7 – si aralygynda geçirildi. 
        Konsertde konserwatoriýanyň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlardan düzülen kamera topary bilen, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, bagşy Almagül Nazarowa, ussat aýdymçylar Amangeldi Amanow, Gözel Annahanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa dagylar özleriniň ussatlyk başarnyklaryny görkezip çykyş etdiler.
 Dabaranyň dowamynda kamera orkestri, ussat türkmen kompozitory Aman Agajykowyň «Dabaraly eseri», orkestriň sazandarlyk etmeginde dutarçy Aýgül Ýagşyýewa Nury Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilmine ýazan sazyndan birnäçe parçalary, «Durdy bagşy» türkmen halk sazyny, aýdymçy Gözel Annahanowa N.Halmämmedowyň «Mukamyň syry» kinofilmine ýazan «Karkaranyň aýdymy», Amangeldi Amanow kompozitor Nury Muhadowyň «Türkmenistan lälezar», Çary Nurymowyň «Toý aýdymy», Daňatar Öwezowyň «Şasenem – Garyp» operasyndan «Şabelediň ariýasy» ýaly eserleri ýerine ýetirip diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başardylar. Konsertde ýerine ýetirilen çykyşlardan halypa Atageldi Garýagdyýewiň meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň «Aşgabat» hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Uýat eýleýir», kompozitorlar Daňatar Öwezowyň we Ýuliý Meýtusyň «Şasenem – Garyp» operasyndan «Ezberhojanyň ariýasy» ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy. 
          Konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden başga-da doganlyk hytaý halkynyň hem eserleri ýaňlandy. Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew kompozitor Ýao Çeniň Ulykpan Žoldaşowyň sözlerine doganlyk ýurdumyzyň «Eje» atly aýdymyny, Gözel Annahanowa «Jasmin» hytaý halk aýdymyny kamera orkestriniň sazandarlygynda ýokary derejede ýerine ýetirdi.
      Dabaraly konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar doganlyk döwletimiz bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.




Kuwwat ÝOWBASAROW.
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
       “Sazşynaslyk” hünäriniň V ýyl talyby



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm