Nusgawy eserler ýaňlandy
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medenýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur baramlara beslenýär güneşli diýarymyzyñ her bir ýylynyñ buýsançly şygaryny söhratlandyrmak babatda giň gerimli işler alynyp barylýar.
Ýakynda geçirilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoýasynyň hasabat konserti hem "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylyna bagyşlanyp geçirildi. Konserde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoýasynyň erjel talyp ýaşlary özleriniň ýerine ýetirjilik başarnyklaryny görkezdiler. Çärede Feliks Mendelson “Trio” eserini talyplar Rasul Nagiýew (klarnet), Kerwen Mirzoýew (fagot), Sezar Frankyň Skripka we fortepiano üçin Sonata A-dur, II bölümini 5-nji ýyl talyp Şemşat Gurbanowa (skripka) 4-nji ýyl talyp Çaryýar Ataberdiýewiň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda Pýotr Ilýiç Çaýkowskiýniň Skerso, “Ýewgeniý-Onegin” operasyndan Sýuita I-bölüm ýaly eserlerini hem Ysmaýyl Sähetmyradow, Döwran Gylyjow ýaly talyplar ýokary derejede ýerine ýetirmegi başardylar. Konsertiň dowamynda türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň, Adrian Şapoşnikow bilen ýazan “Leýli-Mejnun” operasyndan, “Körüň ariýasy” eserini 5-nji ýyl talyp Çarygeldi Ataballyýew, “Şasenem-Garyp” operasyndan “Şasenemiň ariýasy” eserini 5-nji ýyl talyp Sähra Akmämmedowa ýerine ýetirip diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar.
Konsertde milli aýdym-saz eserlerimize hem giňişleýin orun berildi. Oraz Saryýewiň “Sährada” eserini 2-nji ýyl talyp Gurbanberdi Saparow, “Gyrmyzy” türkmen halk sazyny Täçmuhammet Durdymyradow, “Teşnit” türkmen halk aýdymyny bagşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Merdan Bayramgeldiýew ýerine ýetirip diňleýjilerde täsir galdymagy başardylar. Konsetiň ahyrynda 2025-nji ýylymyzyň şygaryny wasp edip “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” atly aýdymy bagşylar ansamly ýerine ýetirip tomaşaçylaryň hoşallyklaryna mynasyp boldylar. Dabaraly konserte gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.
Gülkamar DÖWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen
milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby
