“Parahatçylyk sazy – çagalaryň owazy”
Şu günler ýurdumyzyň dürli ýerlerinde asylly däbe öwrülen, “Çagalary goramagyň halkara güni” mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.
Ýakynda çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk sazy – çagalaryň owazy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde konserwatoriýanyň talyplary Rahym Amanjanow, Humaý Kakaýewa, Selbiniýaz Ataýewa, Kemaleddin Satlikow we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň aýdymçy talyplary, çagalar tans toparlary eziz çagajyklaarymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-saz çykyşlaryny görkezdiler. Ondan başga-da konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oña gatnaşanlar Garaşsyz, Bitarap Türmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Dinara Dawletowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk”
hünariniň I ýyl talyby.
