“Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwalyň çäginde döredijilik duşuşygy geçirildi


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge has-da giň ýol açýar.
      Täze taryhy döwrümiziň şanly wakalara beslenýän günlerinde Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesindäki şan-şöhratyny has hem artdyrdy. Şunuň ýaly halkara ähmiýetli beýik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gözel Diýarymyz bu günki gün bütin dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýar.
      Il arasynda “Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr” diýlişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem möhüm ähmiýetli iki şanly sene – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy uludan bellenilýär. Bu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde medeni çäreler, sungat festiwallary, forumlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly halkara ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak bilen Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynsanperwer hem-de dost-doganlyk ýörelgeleri pugtalandyrylýar. 19-20-nji maýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwalyň geçirilmegi hem munuň aýdyň nyşany boldy. 
      Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý Halk Respublikasy, Ermenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, Fransiýa, Eýran Yslam Respublikasy ýaly döwletleriň medeniýet hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gurnalan bu sungat festiwaly hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň bilen baglylykda festiwalyň çäginde şowhunly konsert çykyşlary, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary geçirildi. Meýilleşdirilen çäreleriň biri hem festiwalyň ikinji gününde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda daşary ýurtly sungat ussatlary bilen geçirilen döredijilik duşuşygy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
        Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Ş. Annagylyjowa döredijilik duşuşygyny açmak bilen dabara gatnaşyjylary gelen myhmanlar bilen tanyşdyrdy. Myhmanlaryň arasynda sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de opera aýdymçylarynyň bolmagy we olaryň öz tejribelerini, mugallymçylyk hem döredijilik işi barada gürrüňlerini dabara gatnaşyjylar bilen paýlaşmaklary mugallymlarda hem-de talyplary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. 
      Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan ussat sazanda, kompozitor, N. Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” Moskwa halkara sungatlar festiwalynyň art-direktory M. Guseýnowyň çykyşy has hem täsirli boldy. Ol öz çykyşynda festiwalyň döreýşi, festiwalyň çäginde geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi. Çykyşyň dowamynda kompozitoryň Türkmenistanyň halk artisti M. Şahberdiýewa bagyşlap döreden wokal toplumyndan bir aýdymy D. Guseýnowanyň ýerine ýetirmeginde diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi. 
      Duşuşyk zehinli türkmen ýaşlarynyň hem-de beýleki halklaryň sungat wekilleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdym-sazlaryň arasynda Azerbaýjandan gelen myhman S. Şarifaliýewanyň ýerine ýetiren “Sary gelin” halk aýdymy diňleýjilerde ýakymly duýgulary döretdi. Opera aýdymçysy sözüniň ahyrynda “Biz sungat adamlaryna üstünlik hemişe gerekdir” diýmek bilen, dabara gatnaşyjylara saýlap alan hünärlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi.
      Bular bilen bir hatarda sungat ussatlary özara döredijilikli pikir alyşdylar, öz halkynyň milli medeniýeti bilen bagly gürrüňler etdiler. Öz gezeginde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy K. Ýowbasarowyň “Görogly” dessanyndan ýerine ýetiren parçasy, Türkmenistanyň at gazanan artisti A. Seýitgulyýewanyň ýerine ýetiren kompozitor Çary Nurymowyň “Türkmenistan – baharystan” aýdymy, kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetiren kompozitor R.Nepesowyň “Gutlag walsy” atly eseri daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. 
       Duşuşygyň ahyrynda konserwatoriýanyň rektory R. Amangeldiýew myhmanlara gyzykly gürrüňleri hem-de täsirli çykyşlary üçin gatnaşyjy mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň adyndan minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Dabara gatnaşyjylar halkymyzy asuda hem parahat durmuşda ýaşatmak, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar.



Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)





Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm