“Türkmenistanyñ Konstitusiýasy biziñ baş kanunymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly çäreler we ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilip gelinýär.
Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belentde pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Ýaşyl Tugumyzdaky Aýyň şekili mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzdaky abadançylygyň, asudalygyň nyşanydyr. Baýdagymyzdaky bäş ýyldyz biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň we bäş welaýatymyzyň, arassa, parahat, asuda asmanymyzyň nyşanlarydyr. Döwlet baýdagymyzdaky haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini aňladýar. Baýdagymyzdaky zeýtun ýapraklary bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny, dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar. 2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp, “Türkmenistanyñ Konstitusiýasy biziñ baş kanunymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata konserwatoriýanyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyñ dowamynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyñ uly mugallymlary G.Otuzowa, G.Aýnazarowa, A.Hojamämmedowa, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M.Saparmyradowa, “Saz mugallymy” kafedrasynyň öwrenji-mugallymy L.Gylyjowa we birnäçe talyplar işjeň çykyş etdiler. Edilen çykyşlarda döwlet baýdagymyzyň mukaddesligi, kanstitusiýamyzdaky gymmatlyklar dogrusynda giňişleýin aýdylyp geçildi. “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyñ uly mugallymy A.Hojamammedowa Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyñ taryhy onuň döreýşi dogrusynda talyp ýaşlara täsirli we gyzykly maglumatlary bermegi has-da ýatda galyjy çykyşlardan biri boldy. Halypa mugallym “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýurduň garaşsyzlygynyň we milli bitewiliginiň iň möhüm nyşanlarynyň biridir. Baýdagyň taryhy döwrebap döwürde Türkmenistanyň döwlet öz ygtyýarlygyny gazanmagy bilen başlanyp, onuň mazmunynda türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan medeni mirasy we däp-dessurlary barada" öz çykyşynda giňişleýin belledi.
Maslahatyñ dowamynda “Sazşynaslyk” hünäriniñ 1-nji ýyl talyplary D.Döwletowa, G.Agageldiýewa, 2-nji ýyl talyplar A.Ýangyýewa, A.Aşyrowa dagylar döwlet baýdagy we kanstitusiýamyz bilen bagly temalarda täsirli çykyşlar etdiler.
Maslahatyň ahyrynda döwletimizi ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Miýesser ÜLJAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.
